Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda maslahat
11 Apr
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda maslahat

2020-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda maslahat geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Döwlet uniwersitetiniň mugallymy, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Döwlet Kazyýetiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň demokratiki partiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň agzalary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem iki palataly parlament ulgamyny we bu işi alyp barmak bilen bagly Konstitusion topary döretmek baradaky başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamlarynyň öňünde täze jogapkärli wezipeleri goýýar. Şolaryň hatarynda kanunçylyk özgertmeleriň ähmiýetini jemgyýetçilige giňişleýin hem-de düýpli düşündirmek wezipesi hem bardyr. 

Maslahatda degişli düzümleriň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny döwrebap kämilleşdirmek barada Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň ýurdumyzda gazanylýan köpugurly ösüşleriň hukuk binýadydygyny aýratyn belläp geçdiler.