Habarlar

Türkmen eksporta gönükdirilen önümler wirtual formatda hödürlener
13 Apr
Türkmen eksporta gönükdirilen önümler wirtual formatda hödürlener

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 10-njy aprelinde gecirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň eksport ugurly harytlarynyň we hyzmatlarynyň elektron (wirtual) sergisini döretmek hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu baradaky teklipleri beýan etdi, diýip TDH habar berýär.

Sanly sergi internet saýty görnüşinde döredilip, onda ösen tehnologiýalaryň we elektron şekilleriň üsti bilen ekspozisiýalary emele getirmek arkaly kärhanalar we guramalar, harytlar hem-de hyzmatlar, gazanylan ykdysady netijeler hem-de üstünlikler baradaky elektron maglumatlar ulanyjylaryň giň köpçüligine hödürlenilýär. Onuň wagty tygşytlamakda hem-de netijelilik babatda birnäçe artykmaçlyklary bolup, Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň görnüşleri we hili baradaky maglumatlary ähli gyzyklanma bildirýän ulanyjylara ýetirmekde bähbitlidir.

Eksport harytlaryň elektron sergisini Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde işläp taýýarlamak we onda birnäçe pudaklaryň we hususyýetçileriň elektron sergilerini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Sergileriň şeýle görnüşde guralmagynyň oňa gatnaşýanlara maliýe, wagt we zähmet serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýändigini nazara alyp, işewür gatnaşyklaryň şeýle görnüşini ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine goldaw bermek üçin ulanylmagy bähbitli bolar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň eksport harytlarynyň elektron sergisini döretmegiň taslamasy barada aýdyp, maglumat alyşmagyň şeýle görnüşiniň möhümdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyk gelýär hem-de söwda gatnaşyklarynyň çägini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda täzeçil tehnologiýalaryň esasynda dünýä ölçeglerine gabat gelýän nah pagtadan ýokary hilli dokma önümleriniň, ýüpek matalaryň, şeýle hem el halylarynyň köp görnüşleriniň öndürilýändigini belledi.

Milli Liderimiz bu önümleriň daşary ýurt bazarlaryna has işjeň ugradylmagy üçin degişli mahabat-maglumat üpjünçiliginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň eksport harytlarynyň elektron sergisiniň wajypdygyna ünsi çekip, onda ýurdumyzyň bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriniň giňden beýan edilmelidigini hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň ylmy esasda ösdürilmelidigini belledi.