Habarlar

Sanly transport gözegçiligine geçmek boýunça taslama durmuşa geçiriler
14 Apr
Sanly transport gözegçiligine geçmek boýunça taslama durmuşa geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenawtoulaglary» agentliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu pudakda hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, diýip TDH habar berýär.

Şu maksat bilen, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan Diýarymyzyň çäklerinde hem-de halkara gatnawlarynda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýan ýerli we ýurdumyza gelýän hem-de üstaşyr geçýän daşary ýurt awtomobil ulaglarynyň maglumat binýadyny döretmek, olara GPS enjamyny ornaşdyryp, sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek, şeýle hem bu işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmak meýilleşdirildi.

Birinji tapgyrda ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda hereket edýän ýeňil taksilere hem-de ýolagçy awtobuslaryna sanly ulgam arkaly olaryň tizligine, ýerleşýän ýerine, hereket edýän ugruna, ýangyç sarp edişine, tehniki gözegçilikden geçirilmeli wagtyna degişli gözegçilik üpjün ediler.

Ikinji tapgyrda ýurdumyzyň çäginde hereket edýän ýük ulaglaryna sanly ulgamy ornaşdyryp, olaryň hereketine gözegçilik ýola goýlar.

Üçünji tapgyrda halkara gatnawlary amala aşyrýan ýurdumyzyň awtoulaglaryna sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek hem-de olara daşary ýurda çykmak üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmek ýola goýlar.

Şeýle hem ulaglar boýunça maglumatlary özünde jemleýän merkezleşdirilen maglumat binýadyny döretmek, şeýlelikde, maglumat binýady arkaly ýurdumyza gelýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglarynyň hasabatyny ýöretmek işlerini gurnamak boýunça elektron awtoulag karty dörediler.

Bu ugurda öňde durýan wezipeler «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli amala aşyrylar.

Ýurdumyz boýunça ýolagçy gatnadýan hem-de ýük daşaýan awtoulag serişdeleriniň gözegçilik ulgamyna birikdirilmegi, ulag serişdelerini dolandyrmak ulgamyna häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy sebitiň we yklymyň iri ulag geçelgesi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň ösüşinde täze tapgyry emele getirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.