Habarlar

Intellektual eýeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine bagyşlanan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat
17 Apr
Intellektual eýeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine bagyşlanan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat

2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň hem-de Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) halkara bilermenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.     

Duşuşygyň başynda, Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň bilermenleri Türkmenistanyň jemgyýetiň bähbitlerine, ykdysady ösüşine goşant goşmak bilen, döredijilik işini we innowasiýalary höweslendirýändigi barada bellediler.

Maslahatyň dowamynda BIEG-niň soňky ýyllardaky işi, innowasion işde intellektual eýeçiligiň orny, şeýle-de sebitde intellektual eýeçiligi goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Awtorlyk hukugyny goramak meselelerine, şeýle-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag edaralarynda intellektual eýeçilik ulgamynda hünärmenleri okatmak we taýýarlamak, şol sanda intellektual eýeçiliginiň birnäçe ýöriteleşdirilen ulgamlarynda hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasat bilen bir hatarda, BIEG-niň Akademiýasynyň hünärmenleri taýýarlamakda eýeleýän ornuna aýratyn üns berildi. Taraplar bu syýasaty işläp taýýarlamagyň ýollaryna hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde intellektual eýeçiligiň esaslaryny okatmak meselelerine aýratyn üns berdiler.