Habarlar

Ulag ulgamynda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
17 Apr
Ulag ulgamynda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.      

Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk etdi. Owgan tarapyna bolsa Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygy meseleleri, Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gurluşyk taslamasy boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar Owganystandan üstaşyr geçýän ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek we wagonlaryň ulanylyşy hem-de “Lapis Lazuli” Ylalaşygyna gatnaşyjy agza ýurtlaryň arasynda ulag geçelgesini geljekde ösdürmek barada pikir alyşdylar. Demir ýol ulaglary ulgamynyň işlgärlerine wiza resmileşdirmek meselelerine we beýleki meselelere hem seredildi.