Habarlar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumynda ara alnyp maslahatlaşyldy
18 Apr
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumy geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  

Media-foruma Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň  ençemesiniň professor-mugallymlary, milli habar beriş serişdelerimiziň wekilleri, ylmy işgärler, bilermenler, şeýle-de «МIR»,  «ТАSS», «TRT AVAZ», ТW-24, «NEWS ASTRO», «Аzertadj», «Anadoly Ajansy», «Аrminfo», «Ženmin Žibao», «Kazinform», «Мangistau-Media», «Noýan Tapan», «NHK», «Chinadaily», «News Day Georgia»,  «Daily Ittehad»,  «Business Central Asia», «Kabar», «Psearcher», MIA Trend, «UzReport», «NEWS ASTRO», «Nowosti Uzbekistana» we Aziýa-Kawkaz täzelikleriň redaksiýasy ýaly iri habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Habarlar agentlikleri bilen bir hatarda media-foruma beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleleri, şol sanda RF-niň DIM-niň «Meždunarodnaýa žizn» žurnaly, «Istanbool today», «Diplomatik Gozlem», «The Diplomatic Insight», «The Georgian Business Week», «Diva International» žurnallarynyň we «Rossiýskaýa gazeta», «Mnogonasionalnaýa Gruziýa» ýaly gazetleriň, şeýle-de «Оbýektiw» teleýaýlymynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Şeýle-de duşuşyga daşary ýurtlaryň tanymal ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professorlary, abraýly halkara jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we dünýäniň 20-den gowrak ýurtlaryndan 50-den ýokary habarçylar gatnaşdylar.

Media-forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Çykyşlarynyň dowamynda çykyş edenler ýokary adamkärçilik gymmatlyklarynyň ilerledilmegine, dünýäde parahatçylyk we işjeň gatnaşyklaryň ileri tutulmagy bilen ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk derejesi baradaky öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Media-forumyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilýän we wagtyň synagyndan geçen Bitaraplyk syýasatynyň üstünliklerini beýan edýän wideorolik görkezildi.  

Russiýanyň «ТАSS» Habarlar agentliginiň baş direktorynyň orunbasary A.Kopnowyň nygtaýşy ýaly, «Türkmenistanyň Bitaraplygy sebit we dünýä döwletleriniň arasynda dostlukly we özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin oňyn esas bolup hyzmat edýändir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň halkynyň beýleki döwletler bilen parahatçylygy hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan ymtylyşyny aýdyň şöhlelendirýändir».

Öz çykyşynda Niderlandlaryň howpsuzlyk pudagynyň özgerişi we demokratizasiýa meseleleri boýunça garaşsyz bilermeni, professor, ykdysadyýet ylymlarynyň doktory S.Faltas, Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda durmuşa geçirilýän özüniň daşary syýasatyny oňyn Bitaraplygy bilen hemmetaraplaýyn utgaşdyrmagy başarandygyny belläp geçdi. 

Belarus Döwlet uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany, taryh ylymlarynyň doktory W.Şadurskiý öz çykyşynda dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň arasyndaky özarabähbitli dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň çygrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Ş.Esenow adyndaky Kaspiý Döwlet tehnologiýalar we inženiring uniwersitetiniň rektory B.Ahmetow öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň esasy ugurlaryny jikme-jik beýan etmek bilen, «Dostlukly döwlet hökmünde Gazagystanyň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny we saýlap alan özbaşdak ösüş ýoluna çäksiz hormat goýýandygyny» aýratyn belläp geçdi.

Çärä gatnaşyklar «sowal – jogap» görnüşinde hem türkmen Bitaraplygynyň meseleleri babatynda pikirleri alyşdylar. Media-foruma gatnaşyjylaryň ählisi şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyna işjeň gatnaşmaga çagyryldy.