Habarlar

Türkmen-koreý Işewürler geňeşiniň mejlisi geçirildi
18 Apr
Türkmen-koreý Işewürler geňeşiniň mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda Türkmen-koreý Işewürler geňeşiniň çäklerinde sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  

Mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň, «Тürkmendeňizderýaýollary» we «Тürkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Koreý wekiliýetine Günorta Koreýanyň Söwda ministrliginiň wekilleri we Halkara söwdasy boýunça Koreý Assosiasiýasynyň (KITA) Ýerine ýetiriji direktory wekilçilik etdiler.

Mejlisiň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasyndaky birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly we ygtybarly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem çuňlaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 Duşuşykda şonuň ýaly-da iri gazhimiýa desgalaryny we deňiz suwunyň arassalanmagy boýunça zawodlaryň gurluşygy, gämi gurluşygy we deňiz tehnikalary ulgamynda, şeýle-de maglumata ygtyýarlyk merkezleriniň döredilmegi we demirýol ulgamynyň hünärmenleri üçin okuw sapaklarynyň geçirilmegi, öňdebaryjy bilimleriň we tejribeleriň alyşylmagy ýaly ugurlar we özara gyzyklanma döredýän beýleki derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.   

Wideo-duşuşygyň çäklerinde şeýle-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça hem pikirler alyşyldy.