Habarlar

Behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi
20 Apr
Behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi

2020-nji ýylyň 19-njy aprelinde, dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişi amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady, diýip TDH habar berýär.

Halkyň saglygyny döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan eden milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara görelde bolýar.

Ir bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ady rowaýata öwrülen Ýanardag atly ahalteke bedewiniň hormatyna dikeldilen binanyň ýanyna geldi. Bu bedew Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilip, Watanymyzyň täze taryhynda ýurdumyzyň resmi nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagynyň ugrunda yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda atçylyk toplumlary guruldy. Paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde şeýle merkezleriň üçüsi bar. Olar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndan, Aşgabadyň atçylyk sport toplumyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan ybarat.

Döwlet Baştutanymyz «Ýanardag» binasynyň ýanynda welosipedli ýörişe başlady. Bu künjegiň gözelligi, gök öwüsýän baýyrlar sport bilen meşgullanmak üçin oňyn şerti üpjün edýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikden ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbi görünýär.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda Aşgabadyň günorta tarapynda, bu künjekde gurluşygy alnyp barylýan desgalary synlady. Häzirki döwürde bu ýerde bina edilýän desgalaryň hatarynda Hökümet münberinden başga-da, Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy, Maslahatlar merkezi, kaşaň myhmanhana, şeýle hem «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalary gurulýar.

Olar ýakyn geljekde ak mermerli paýtagtymyzyň nobatdaky ajaýyplyklaryna öwrülip, bir bitewi sazlaşygy emele getirerler. Döwlet Baştutanymyz welosipedli gidip barşyna gurulýan binalaryň şäheriň beýleki desgalary bilen sazlaşygy emele getirjek bezeg aýratynlyklaryna baha berdi.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde 20 kilometr ýol aşyp, Bitaraplyk binasynyň ýanynda welosipedli ýörişi tamamlady.