Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda telefon söhbetdeşligi
23 Apr
Türkmenistanyň Prezidentiniň we BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda telefon söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. 

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar derwaýys häsiýete eýe bolan halkara meselelerini, şol sanda halkara jemgyýetçiligi üçin aýratyn jogapkärli bolan häzirki döwürde halklaryň we ýurtlaryň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar BMG-niň utgaşdyryjy hökmündäki ähmiýetini belläp geçdiler, çünki bu günki günde adamzat täze, has möhüm wehim bilen ýüzbe-ýüz bolýar we ol dünýä ýüzünde giň geografiki çäkleri gurşap almak bilen, aglaba döwletlere we halklara mahsus bolan adaty ýaşaýyş ýörelgelerini düýpgöter üýtgedýändir.     

Söhbetdeşler şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň global guramanyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan nobatdaky ýubileý sessiýasyna taýýarlyk görmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz üstümizdäki ýylyň Türkmenistan üçin goşa ýubileý bolup durýandygyny belläp geçdi, çünki şu ýyl biziň döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» kararnamanyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden dabaralandyrýandyr.

Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, BMG-niň häzirki çylşyrymly döwürde dünýäde durnuklylygy saklamak boýunça durmuşa ornaşdyrýan tagallalary raýdaşlyk ýagdaýlaryny ýüze çykarmak bilen, döwletleriň ählisiniň utgaşdyrylan hereketleri üçin özboluşly esas bolup hyzmat edýändir.