Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
24 Apr
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda täzeden seredilen Kioto konwensiýasy diýlip atlandyrylýan Gümrük proseduralaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak boýunça halkara konwensiýasyna goşulyşmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar konwensiýa goşulmak bilen baglanyşykly berjaý edilmeli talaplara garadylar.

Konwensiýa tarapyndan bellenen talaplar barada aýdylanda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Hormatly Prezidentiň aladasy bilen, bu günki gün ähli gümrük nokatlarynyň halkara ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylandygy, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň kadalarynyň täzeden seredilen Kioto konwensiýasynyň düzgünlerine laýyk gelýändigi we maglumat tehnologiýalaryny ulanmak babatda talaplaryň hem doly berjaý edilýändigini bellediler.

Täzeden seredilen Kioto konwensiýasy gümrük pudagyndaky iň möhüm halkara hukuk resminamalarynyň biridigini ýatladýarys. Bu konwensiýa Bütindünýä gümrük guramasynyň gümrük pudagyndaky esasy resminamalarynyň biri bolup, ol gümrük syýasatynyň bütewi ýörelgelerini döretmegi maksat edinýär.