Habarlar

Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi
25 Apr
Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. 

Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda IRU-nyň bilermenleri ýük daşamalaryna degişlilikde ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri dogrusynda gürrüň etdiler hem-de şeýle meseleleri kadalaşdyrýan halkara hukuk resminamalary bilen tanyşdyrdylar. Bilermenler şonuň ýaly-da halkara maksatly ýükleriň deslapky ýagdaýda jarnamalaşdyrylmagynyň ulgamyny – TIR-EPD berdiler, bu öz nobatynda harytlaryň gümrük taýdan resmileşdiriş amallary bolmak bilen, ol Internet tory arkaly amala aşyrylýandyr.

Gatnaşyjylar awtomobil ulaglaryny hem-de ýurdumyza girýän we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.