Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
27 Apr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna 2020-nji ýylyň 26-njy aprelinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy, diýip TDH habar berýär.

Ir bilen bu ýere türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýygnandy, bu toplum baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ägirt uly sahnalaşdyrylan meýdança öwrüldi. Ahalteke bedewi milli medeniýetiň, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň dabaralanmagyny alamatlandyran köpöwüşginli tomaşanyň baş gahrymany boldy.

Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar bar.

Hemmeler bu ýere gelen döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli Liderimiz hemmeleri ajaýyp baýramçylyk bilen gutlap, senetkärleriň we çeper elli gelin-gyzlaryň özboluşly şäherjigine öwrülen toplumyň çägine girýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özi üçin bellenilen ýere geçýär.

Alypbaryjy möwsümiň iň abraýly bäsleşikleriniň — baýramçylyk at çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär. Bäsleşiklere badalga berilýär, gamyşgulak, ýyndam bedewler tizliklerini barha artdyryp, tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Türkmenistanda gadymy däpleri bolan at çapyşyklary, häzir hem ozalkysy ýaly, uly meşhurlykdan peýdalanýar. Münberde oturan janköýerleriň, dykgat bilen syn eden, tele we foto kameralarda surata düşürilen ýaryşlar iki sagatdan hem gowrak dowam etdi. At çapyşyklary, hakykatdan-da, türkmen halkynyň şan-şöhraty we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň ýyndamlygynyň özboluşly senasyna öwrüldi.

At çapyşyklary — bu çapyksuwarlar üçin synag hem bolup durýar. Atly sport adamdan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we elbetde, atlara bolan söýgini, olara düşünmek başarnygyny talap edýär — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şu gün dürli aralyklarda geçirilen at çapyşyklarynyň jemi ýedisi bolup, şolaryň her birine bedewleriň 12-si gatnaşyp, iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler.

Soňra baýramçylyk bäsleşikleriniň — şu günki at çapyşyklarynyň, uzak aralyga hem-de päsgelçilikden bökmek (konkur) görnüşi boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Düýn geçirilen çäreleriň dowamynda hormatly Prezidentimiziň egindeşleri döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Olar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, halkymyzyň iň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek işiniň möhümdigini belläp, bu ugurda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de şu işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Dabaranyň ahyrynda toplumyň sahna meýdançasynda küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Ol bu ýere ýygnanan müňlerçe adamlaryň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen giň gerimli çärelere gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.