Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
5 Few
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2016-njy ýylyň birinji aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak hem-de işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen aýda amala aşyran işleri  hem-de  döwlet Baştutanymyzyň gümrük bölüminiň işini kämilleşdirmek, gullugyň işini takyk we sazlaşykly guramak, Türkmenistanyň serhedinden geçýän ýüklere pugta gözegçilik etmäge ýardam berýän döwrebap tehniki  serişdeler bilen üpjün edilmegi boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň üstaşyr-ulag geçelgesiniň möhüm çatrygy hökmünde Ýewraziýa yklymynda geostrategiki ornunyň ýokarlanmagy netijesinde soňky ýyllarda işi has-da artan bu gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleriň örän jogapkärlidigini aýdyp, işine ak ýürekden, halal we çynlakaý çemeleşýän hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.  Belent Serkerdebaşymyz hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtap, gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna ýurdumyza getirilýän önümleriň has içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde aýdylanlary jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işine, umuman, kanagatlanma bildirdi hem-de golaýda tassyklanan, diňe goranyş we parahatçylykly häsiýete eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň barşynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni çekdi.  

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça  degişli çözgütler kabul edildi.