Gümrük habarlary

Hasabat ýygnanyşygy
6 Few
Hasabat ýygnanyşygy

2016-njy ýylyň 6-njy fewralynda Gullugyň başlygy polkownik D.Baýramow ýygnanyşyk geçirdi. Onda Gullukda 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barylan işler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we öňde duran wajyp meseleler boýunça degişli tabşyryklar berildi. Gün tertibine şeýle-de şahsy düzümiň arasynda tertip-düzgüni berkitmek, ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň watançylyk sargytlary boýunça çykyşlar girizildi. 

Ýygnanyşygyň barşynda 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda gümrük edaralary tarapyndan saklanan gadagan edilen harytlary beýan edýän forosuratlaryň slaýdy görkezildi. Şonda Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşmekde we kontrabandanyň öňüni almakda gulluk işinde görkezen aýratyn netijeleri üçin, Ahal welaýat gümrükhanasynyň «Sarahs awtoýollary»  gümrük postunyň başlygy kapitan R.Atdaýew we şol postuň kiçi gözegçisi uly leýtenant A. Sammyýew gymmat bahaly sowgat bilen sylaglandy.