Habarlar

Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler
11 Maý
Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler

2020-nji ýylyň 11-nji maýynda wideokonferensiýa görnüşinde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. 

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, ysraýyl tarapyna – Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Geri Koren ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup durýandygyny tassykladylar. Syýasy-diplomatik özarahereketleri ösdürmegiň, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde özarahereket etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmeginde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçirildi.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik seredip geçdiler. Türkmen we ysraýyl önümleriniň özara eksportyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hakynda gürrüň etmek bilen taraplar agrar pudagyna, saglygy goraýyşa hem-de innowasiýalar ulgamynda tejribe alyşylmagyna aýratyn üns berdiler.

Şonuň ýaly-da dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ugur bolup durýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar bu ugurdaky özarabähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny aýratyn belläp geçdiler.