Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki täze gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy
12 Maý
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki täze gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy

2020-nji ýylyň 11-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerini kämilleşdirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy, diýip TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň köçelerine welosipedde bilelikde aýlanan wagty ol milli Liderimize Aşgabady hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak, ekilen baglara, seýilgäh zolaklaryna degişli derejede ideg etmek, şäheriň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda gurluşyklaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine, ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şäherde alnyp barylýan 27 sany toplumlaryň we desgalaryň gurluşyk işleri olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, häzirki zaman inženerçilik-tehniki desgalaryň ýerleşdirilişine, umuman, şäheriň hemmetaraplaýyn ösüşine laýyk gelmelidir.

Bu işleriň baş maksady Aşgabadyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini, onda şäher ilatynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini göz öňünde tutmalydyr. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäherde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, paýtagtymyzyň ähli çäkleriniň bagy-bossanlyga bürelmegine, şol bir wagtyň özünde amatly dynç alyş üçin ýokary derejeli şertleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar hem-de häzirki döwürde gurluşygy dowam edýän desgalar barada hasabat berdi we bu ugra degişli taslamalary, çyzgylary görkezdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny dikuçarda dowam etdi. Milli Liderimiziň dikuçary şäheriň gündogar künjegine tarap ugur aldy.

Milli Liderimiz şäher etegindäki Bagabat şäherçesinde gurluşygy alnyp barylýan 200 orunlyk şypahananyň we oňa barýan ýoluň taslamalary bilen tanşyp, bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň wajyp talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiz dikuçarda paýtagtymyzyň demirgazygynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, çagalar üçin bolşy ýaly, uly adamlar üçin hem zerur bolan dynç alyş şertleriniň döredilmelidiginiň wajypdygyny belledi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda birnäçe döwrebap suw howdanlary, ýüzüş howuzlary hem-de suw toplumlary bar.

Dikuçarda uçuşyň barşynda şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazygynda gurulýan Awtoulag kärhanalar toplumynyň we awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasyny gözden geçirdi. Bu lukmançylyk edarasy ýokanç keseller ýüze çykan wagtynda degişli derejede bejergi we olaryň öňüni almaga mümkinçilik berer. Bu hassahananyň düzüminde jemi 6 bölüm işlär.

Milli Liderimiz gurluşyk meýdançasyny synlap, hassahananyň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanylmagy, onda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň, enjamlarynyň oturdylmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary paýtagtymyzyň günbatar künjeginden öwrüm etdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Büzmeýin etrabynyň çäginde gurulýan desgalary synlady. Olaryň hatarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary möhüm orun eýeleýär. Bu öýlerdäki düzümleriň we şertleriň iň ýokary hil derejesinde bolmalydygy bellenildi, sebäbi munuň özi häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasyna bildirilýän esasy talapdyr.

Häzirki wagtda Büzmeýin etrabynda köpugurly söwda merkeziniň, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, Senagat köçesinde 20 sany 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň we Ahal köçesiniň ugrunda 7 sany 4 gatly 32 öýli, 2 sany 4 gatly 32 öýli we 1 sany 4 gatly 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Güneşli köçesiniň ugrunda 9 sany 2 gatly 2 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Soňra dikuçar howada öwrüm edip, häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan «Garagum» myhmanhanasynyň üstünden geçdi. Baş şäherimiziň şu künjeginde gurulýan desgalar paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşup, Aşgabady dünýä derejesindäki işewürlik merkezine öwürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň merkezindäki binalary gözden geçirip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň, olaryň töwereginde arassaçylygy saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň bu künjeginde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 720 orunlyk orta mekdebiň hem-de 320 orunlyk daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen çagalar bagynyň, fitnes we döredijilik merkeziniň binalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz uçuş belentliginden Halkara estetiki bejeriş merkeziniň gurluşygyny synlady hem-de onuň gurulmagynyň ýokary hil derejesinde amala aşyrylyp, ähli zerur talaplara laýyk gelmelidigini, esasy bolsa, desganyň bellenilen möhletde tabşyrylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda Aşgabadyň işewür düzüminiň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady.

Häzir bu ýerde Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumy, «Arkadag» myhmanhanasy, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň edara binasy, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasy, Hökümet münberiniň binasy, Kabul ediş merkeziniň binasy hem-de Welosiped binasy gurulýar.

Şäheriň bu künjeginde ýakyn geljekde peýda boljak döwrebap desgalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirer we Aşgabadyň görküne görk goşar.

Paýtagtymyzyň bu künjegi soňky ýyllarda şäheriň çalt depginlerde özgerýän ýerine öwrüldi. Täze gurulýan binalar Köpetdagyň keşbi hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşýar. Munuň sebäbi bolsa döwlet Baştutanymyz bu meselä aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan şähergurluşyk maksatnamasy şunuň ýaly netijeleri berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, paýtagtymyzyň ähli täze gurluşyklarynyň milli binagärligiň öwüşginleri bilen dünýä tejribesinde giňden ulanylýan häzirki zaman binagärlik çözgütlerini özünde sazlaşykly utgaşdyrmalydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bina edilen ähli desgalar esasan ýokary hilli bolmalydyr hem-de bellenilen möhletinde tamamlanmalydyr, bu döwrüň talabydyr diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny tamamlap, wise-premýere şäherde gurulýan ähli desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanylmagyny we gurluşykda häzirki zamanyň tejribeleriniň ulanylmagyny, binalaryň ösen halkara ülňülere laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyny tabşyrdy.

Şäher hojalygynyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan hemme işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk amala aşyrylmalydyr. Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar ählitaraplaýyn häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şähergurluşyk maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.