Habarlar

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy
12 Maý
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) wekilleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly maslahat beriş duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. 

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň statistika boýunça Döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn-duşuşygyň dowamynda esasy üns Durnukly ösüş maksatlaryny, esasan-da, 4-nji – hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli bilimi bermek we hemmeler üçin bütin durmuşyň dowamynda okamaga mümkinçiligi höweslendirme maksadyny durmuşa geçirmek we monitoring meselelerine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we bilim alýanlar üçin şertleriň kämilleşdirilmegine gönükdirilen uly özgertmeleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle hem bilim bermegiň we maglumatlaşdyrmagyň halkara standartlary girizilýär.