Habarlar

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
10 Few
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

2016-njy ýylyň 9-njy fewralynda türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däp bolan sergisi öz işine başlady, bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasy bilen bilelikde gurdy. 

Köpugurly sergi türk öndürijileriniň eksporta iberýän harytlarynyň dürli görnüşlerini görkezýär, onuň diwarlyklarynda maşyn gurluşygy, enjamlar we senagat hem-de oba hojalyk pudaklary üçin ätiýaçlyk şaýlaryň toplumlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy we elektronika enjamlary, mebel, dokma önümleri, durmuş himiýasy, parfýumeriýa önümlerini, azyk önümleriniň dürli görnüşlerini, hojalyk harytlaryny öz içine alýan teklipleriň toplumlary hödürlenilýär.

Günüň ikinji ýarymynda “Mizan” işewürlik merkezinde Türkmen-türk işewürler maslahaty geçirldi, oňa iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-türk hyzmatdaşlygyny işjeň goldaýandygy üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, serginiň we işewürler duşuşygynyň geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär.  

Sergi 11-nji fewralda öz işini tamamlar.