Habarlar

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň mümkinçilikleri we importa bolan islegleri boýunça duşuşyk geçirildi
20 Maý
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň mümkinçilikleri we importa bolan islegleri boýunça duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dokma senagatynda eksport mümkinçilikleri we importa bolan islegleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-Senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly iş maslahaty geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. 

Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Bu duşuşyk gatnaşyjylara Türkmenistan bilen RF-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Taraplar söwda ulgamynda, birža işlerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler, hususan-da, Türkmenistandan harytlaryň iberilmegi boýunça gyzyklanma bildirdiler. Gatnaşyjylar türkmen önümleriniň – tekstil harytlarynyň, ýüplükleriň, pamyk önümleriniň RF-na iberilmegi bilen bagly meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Mejlisiň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen bagly işiň gidişine hoşallygyny bildirdiler.