Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
10 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

2016-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaşy kabul etdi. 

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň gerimini giňeltmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi hem-de onuň çäklerinde geçirilýän Türkmen-türk işewürler maslahaty hem şu maksatlara hyzmat etmelidir. Bu çäreler netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. 

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmen-türk hökümetara toparyna we Bilelikdäki işewürler geňeşine hem möhüm orun degişlidir. Olar dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ösdürmekde täsirli gural bolup durýar. 

Jenap Mustafa Elitaş Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny hem-de düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çalyşýandygyny nygtap, türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, türk kompaniýalary ýurdumyza özleriniň kuwwatyny, iň täze tehnologiýalaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardyr. Şu sergä gatnaşyjylaryň düzümi we onuň köpugurly bölümleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.