Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Port gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin sanly wideo aragatnaşyk arkaly okuw çäresi geçirildi
28 Maý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Port gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin sanly wideo aragatnaşyk arkaly okuw çäresi geçirildi

2020-nji ýylyň 26-28-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Port gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin sanly strategik harytlaryň söwdasy we eksport gözegçiligi boýunça wideo aragatnaşyk arkaly okuw çäresi geçirildi. Okuw çäresi BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde gurnaldy.

Okuw çäresiniň maksady Döwlet gümrük gullugynyň Port gözegçilik toparynyň agzalarynyň strategik harytlarynyň söwdasy we eksport gözegçiligi babatynda habarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem, gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny ulanmak boýunça hünär başarnyklaryny berkitmek bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, gümrük syýasatynyň dürli ugurlaryny amala aşyrýar. Bu ugurlaryň hataryna eksport gözegçiligi babatynda meseleler hem girýär.

2014-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Daşary ykdysady iş hakynda» Türkmenistanyň Kanuny eksport gözegçiligi babatda kadalary düzgünleşdirýär. Eksport gözegçiligi, munuň özi Ýaraglandyrma, harby tehnika, iki wezipeli harytlar we tehnologiýalar babatda daşary ykdysady iş amala aşyrylan mahalynda Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, şeýle hem halkara borçnamalaryny berjaý etmek maksady bilen ulanylýan ulgam. Kanuna laýyklykda, daşary ykdysady işiň eksport gözegçiligine degişli bolup durýan obýektleriniň sanawy, şeýle hem olaryň alnyp gidilmeginiň ýa-da üstaşyr geçirilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.