Habarlar

Sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi
30 Maý
Sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri E.Asrandiýew, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri K.Rasulzoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew dagylar gatnaşdy.

Duşuşyk dar hem-de giňişleýin düzümlerde geçirildi. Mejlisiň dowamynda Hökümet baştutanlary Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag, senagat ulgamlarynda özarahereket etmegiň hem-de koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasyna garşy göreşmek derwaýys meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar. Bu ugurda taraplar COVID-19 wehiminiň ýaýramagynyň ýeňip geçilmeginde tagallary utgaşdyrmagyň we umumy çemeleşmeleri işläp düzmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda emele gelen häzirki ýagdaýlarda biziň däp bolan gün tertiplerimiz üýtgeýär we biz koronawirus pandemiýasyna garşy göreşe örän aýratyn üns bermelidiris diýip belläp geçdi. GDA-nyň ýurtlarynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli gurallaryny ýola goýmalydyklary görnetindir. Hususan-da, GDA ýurtlarynyň arasynda serhetlerde sanitar-karantin çäreleriniň üpjün edilmegi boýunça utgaşykly hereketleri durmuşa geçirmekleri barada gürrüň edilýär. Şonuň bilen bir wagtda hem ylmy diplomatiýanyň gurallary doly göwrümde ulanylmalydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ugurdaky başlangyjy täze görnüşdäki ýokançlaryň gelip çykyşynyň tebigatynyň, koronawirus tarapyndan döredilýän keselleriň görnüşleriniň ýüze çykyşynyň aýratynlyklarynyň jikme-jik öwrenilmeginiň meseleleri boýunça tejribeleriň we maglumatlaryň yzygiderli alyşylmagyny göz öňünde tutýandyr.

Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň barşynda garalan düýpli resminamalaryň biri hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň taslamasy bolup durýandyr. Strategiýanyň mazmuny Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçen ýyl işlenilip düzülen we kabul edilen GHDA gatnaşyjy-döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Aşgabat Jarnamasynyň mazmunyna we meýillerine doly gabat gelýändir we ýokarda agzalan Jarnamanyň logiki dowamy bolup durýandyr.

Mejlisiň dowamynda şonuň ýaly-da Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutýan Ugurlary hakyndaky, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2021-nji ýylda Binagärlik we şäher gurluşygy ýylyna bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasy hakyndaky, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2021-2030-njy ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlygynyň ösüş Strategiýasy hakyndaky we COVID-19 koronawirus ýokanç kesleiniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bilelikdäki tagallalary hakyndaky resminamalaryň çözgütlerine seredildi hem-de kabul edildi.