Gümrük habarlary

BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi bilen wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek okuw çäreleriň meýilnamasy ara alyp maslhatlaşyldy
3 Iýun
BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi bilen wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek okuw çäreleriň meýilnamasy ara alyp maslhatlaşyldy

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň Merkezi Aziýadaky (Daşkent şäherindäki)Wekilhanasynyň «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň-Bütindünýä gümrük guramasynyň Maksatnamasynyň» utgaşdyryjysy Batyr Geldiýew bilen duşuşyk wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýagdaýy hakynda pikir alyşyldy. Şeýle hem, 2020-nji ýylyň ikinji ýarymynda wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek okuw çäreleriň meýilnamasy ara alyp maslhatlaşyldy.

Duşuşyga BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň Aşgabatdaky wekili Ç.Ataýew hem gatnaşdy.