Habarlar

Beýik ýüpek ýoly: taryhy ýörelge we goşulyşmagyň häzirkizaman syýasaty
12 Few
Beýik ýüpek ýoly: taryhy ýörelge we goşulyşmagyň häzirkizaman syýasaty

2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda ir bilen Sarahs demir ýol menzilinde Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan–Eýran ugry boýunça herekete girizilen synag otlusyny garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly ulag-üstaşyr düzümi döretmek arkaly özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň başyny başlady.

Synag gatnawy bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň her birinde demir ýol arkaly ýük daşamagy ýola goýmak hem-de logistikany kadalaşdyrmak üçin birnäçe iş düzgünlerini girizmäge gönükdirilendir. Bu transmilli ýoluň türkmen bölegi Serhetýaka menzilenden Sarahsa çenli aralygy öz içine alýar. 

Daşary ýurt metbugatynyň belleýşi ýaly, çäkleşýän ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň çäginden geçýän ýük demir ýoly Gündogar Hytaýyň kenar ýakasyndan Pars aýlagynyň bazarlaryna çenli ýükleri tiz wagtda eltmegiň ilkinji logistik çözgüdi bolup durýar.

Türkmenistan boýunça önüm iberýänleriň we daşaýanlaryň isleglerinden ugur alnyp, Serhetýakadan Sarahsa, Eýran bilen Günorta-Gündogar serhede, ýa-da Ak ýaýla çenli we şol ýerden Eýranyň demirgazygyna tarap iki ugur göz öňünde tutuldy.  

Bu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatyny üstünlikli durmuşa gçirmegi netijesinde, gadymy Ýüpek ýoly transmilli awtomobil, demir we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary bilen gabat gelýän bu ýollar yklymda daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini, üstaşyr ýük daşalýan ýollaryň artmagyny, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini üpjün eder. 

Halkara ulag geçelgeleri ählumymy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm gurallarynyň birine öwrüldi. Türkmenistan öz çäginde yklymyň iň wajyp ulag merkezleriniň birini döredýär. Şunda ýurdumyz durnukly ykdysady we durmuş ösüşine, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan tutuş sebitiň hem-de yklymyň bähbitlerine laýyk gelýän geoykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ýörelgelere esaslanýar.