Habarlar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili bilen onlaýn duşuşygy
13 Iýun
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili bilen onlaýn duşuşygy

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fontelles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri giçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. 

Duşuşygyň barşynda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çygrynda Ýewropa Bileleşiginiň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokarda beýan edilen meseleleriň ählisi babatynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary, şonuň ýaly-da türkmen tarapy tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we beýleki köptaraplaýyn formatlarda öňe sürýän birnäçe sebit hem-de halkara başlangyçlary bellenilip geçildi.

Şeýle hem taraplar sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagynyň meselelerini, hususan-da Owganystanda durnuklylygyň ýola goýulmagy boýunça anyk hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.