Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
16 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda ählihalk baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda haly we haly önümleriniň senagat taýdan önümçiligi boýunça iri “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň açylyş dabarasy boldy.

Şu şanly waka ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynda häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap önümçilik toplumynyň işe girizilýändigini alamatlandyrdy. Soňky ýyllarda telekeçileriň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary netijeli durmuşa geçirilýär we senagat toplumynyň hil taýdan täze derejä çykmagy üçin oňyn mümkinçilikler üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna goldaw bermek baradaky asylly syýasatynyň durmuşa geçirilmegi hususy işewürligiň ösdürilmegi, ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän we eksporta niýetlenen täzeçil usuldaky gaýtadan işleýän pudagyň kämilleşdirilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. 

Dabaranyň barşynda kärhananyň halyçylary bilen bolan söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly önümçiliginiň halkymyzyň köpasyrlyk tejribä daýanýan milli gymmatlykdygyny belledi. Häzirki döwürde halyçylyk ulgamy örän girdejili bolmalydyr. Çünki dünýä bazarynda türkmen halylaryna bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, bu sungatyň örän inçe çeperçilik usullaryny saklamak bilen, ýokary derejede ösdürilmegi zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.