Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
17 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 16-njy fewralynda ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. 

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz menziliň çäginde ýörite taýýarlanylan ýere baryp, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň we onuň esasy düzümleýin desgalarynyň taslamalaryny synlady. 

Döwlet Baştutanymyz çyzgylary we maketleri gözden geçirmegiň öň ýanynda “Gap Inşaat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen gürrüňdeş boldy. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna türkmen-türk gatnaşyklarynda ähmiýetli taslama bolan Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň potratçysy bolup çykyş etmek ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türk işewüri taslamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyprlary barada gürrüň berip, şertnamalaýyn borçnamalaryň ählisiniň hökmany ýerine ýetiriljekdigine hem-de iki ýurduň netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir ajaýyp mysalyna öwrüljek möhüm desganyň gurluşygynyň talap edilýän derejede ýokary hilli bolmagynyň üpjün ediljekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy. 

Işlenip taýýarlanan taslama barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykow hasabat berdi. Wise-premýer “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasynyň”  çäklerinde gurulýan täze taslama barada umumy maglumatlary hem-de onuň tehniki aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Ýakyn geljekde özüniň duralgalary we beýleki desgalary bilen tutuş deňiz menzili toplumynyň nähili görnüşde boljakdygyny äşgär edýän taslamalar hakynda tehniki maglumatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz maglumatlary diňläp, deňiz menziliniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary, ony netijeli ulanmagyň guramaçylyk-tehniki serişdeleri, port hojalygynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy we onuň aýratynlyklary, menziliň dolandyryş ulgamynyň tapawutly taraplaryna ünsi çekdi.   

Döwlet Baştutanymyz deňiz menziliniň hünär ugurly düzümlerini enjamlaşdyrmak, degişli gulluklaryň özara gatnaşygy, ýangyn we himiýa howpsuzlygyny, lukmançylyk,  karantin we gümrük gözegçiligini üpjün etmek meselelerine Türkmenistanyň hökümet agzalarynyň, birnäçe pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi.   

Milli Liderimiz Türkmenistanda gümrük işiniň taryhynyň hem asyrlaryň çuňluklaryna uzap gidýändigini belledi. Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegi salgyt salmak, gümrük paçlary we umuman, harytlary getirmäge we çykarmaga gözegçilik etmek ulgamynyň döremeginiň sebäbi boldy. Häzir öňde baryjy tehnikalar we enjamlar ýurdumyzyň gümrük gullugynyň ygtyýaryndadyr.

Milli Liderimiz şeýle hem ýükleri utgaşdyrmak boýunça logistika merkeziniň binasynda esasy gulluklardan we logistika zynjyrynyň böleklerinden başga-da, deňiz menziliniň mümkinçiligini görkezmek üçin sergi zalyny ýerleşdirmegi teklip etdi.

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara deňiz menziliniň taslamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegi hem-de onuň desgalaryny gurmagy maliýeleşdirmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekip, işleriň ähli tapgyrlarynda iň ýokary ülüňlerine laýyk gelýän hil derejesine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. 

    Döwlet Baştutanymyz deňiz menziliniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygy tamamlap, Halkara deňiz menziliniň gurulmagy Türkmenistanyň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň, onuň ählumumy ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine uzakmöhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýuldmagyna gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.