Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
20 Few
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 18-nji fewraynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow önümleri we hyzmatlary laýyklyk nyşany bilen standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. “Standartlaşdyrmak hakynda” we “Sertifikasiýalaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň düzgünlerine laýyklykda, ygtyýarly edaralar tarapyndan döwlet standartlaryň we tehniki şertleriň tassyklanýandygy, olary hasaba almagyň tertibiniň kesgitlenýändigi bellenen. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän eksport önümleriniň hem-de hyzmatlaryň halkara bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny we hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesine laýyklykda harytlara milli laýyklyk nyşanlaryny bermek boýunça işleri guramak babatda anyk ädimler ädilýär. 

Standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak ulgamynyň edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, TDS 1.0-2016 “Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyrmak ulgamy. Esasy düzgünler”, TDS 1.2-2016 “Döwlet sertifikatlaşdyrmak ulgamy. Esasy düzgünler”, TDS 1.3-2016 “Türkmenistanyň önümleriniň milli laýyklyk nyşany. Tehniki şertler” döwlet standartlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwrüň talabyny nazara alyp, sertifikasiýalaşdyrmak we standartlaşdyrmak babatdaky işler bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmegiň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz bu işleri, ilkinji nobatda, bäsdeşlige ukyply önümçiligi üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek, Türkmenistanyň ýeke-täk haryt bazarynda fiziki we ýuridiki taraplaryň işlemegi üçin amatly şertleri döretmek, halkara ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyga gatnaşmagy maksady bilen geçirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalara gol çekip, wise-premýere olaryň düzgünleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.      

Mejlisiň jemini jemläp, döwlet Baştutanymyz 19-njy fewralda uly baýramyň – Türkmenistanyň Döwlet  baýdagynyň gününiň giňden we dabaraly bellenip geçiljekdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň ählisini hem-de mähriban halkymyzy eziz Diýarymyzda giňden we dabaraly bellenýän Döwlet baýdagynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ildeşlerimiziň ählisine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

“Goý, berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesi bolan ýaşyl Tugumyz Garaşsyz Watanymyzyň asuda asmanynda hemişe belentden parlasyn!” diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.