Habarlar

Watanymyzyň mukaddes tugunyň şanyna dabaralar
20 Few
Watanymyzyň mukaddes tugunyň şanyna dabaralar

2016-njy ýylyň 19-njy fewralynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenilip geçildi.

Esasy dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşýän baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada geçirildi, bu ýerde  -- 133 metr belentde Türkmenistanyň Baş baýdagy buýsançly pasyrdaýar.  Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli gül goýmak dabarasyna hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, köpsanly aşgabatlylar bar.

Aşgabadyň iň ajaýyp künjekleriniň birinde, Köpetdagyň eteginde  oturdylan  Türkmenistanyň Döwlet baýdagy paýtagtymyzyň islendik künjeginden seleňläp görünýär. Parahat asmanymyzda pasardaýan ýaşyl Tugumyz döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini, parasatly durmuş ýörelgesini  şöhratly geçmişini, ajaýyp  döwrüni hem-de nurana geljege okgunly hereketini alamatlandyrýar. Baýdagymyzyň ýaşyl reňki durmuşy, parahatçylygy hem-de agzybirligi, abadançylygy we döredijiligi alamatlandyrýar