Habarlar

Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti
20 Few
Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti

2016-njy ýylyň 19-njy fewralynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Maslahat köşgünde geçirilen döwlet konserti Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan köp öwüşginli baýramçylyk çäreleriniň birine öwrüldi.

Döwletimiziň esasy nyşanlarynyň birine bagyşlanan ählihalk baýramçylygy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny alamatlandyrýar, milli bitewüligi şöhratlandyrýar, türkmenistanlylaryň  häzirki döwürde gülläp ösüşi başdan geçirýän mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny hem-de belent watançylyk duýgularyny aýdyň görkezýär. 

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan uly üstünlikleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady hem-de işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli täzeçil syýasaty döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň okgunly ösmegini, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi. 

Türkmenistanlylar milli Liderimize özleriniň çuňňur hormat-sarpasyny, ägirt uly hoşallygyny we ýürekden çykýan çäksiz söýgüsini beýan edýärler. Giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de her birimiziň durmuşymyzdaky oňyn özgerişlikler mähriban Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.  

Bu pikir Maslahat köşgünde geçirilen baýramçylyk konsertiniň esasyny düzdi. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de deputatlary, hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, minitsrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar ýygnandylar.