Habarlar

MILLI LIDERIMIZIŇ DURMUŞA GEÇIRÝÄN «AÇYK GAPYLAR» SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN
7 Iýul
MILLI LIDERIMIZIŇ DURMUŞA GEÇIRÝÄN «AÇYK GAPYLAR» SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.



Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we ýolbaşçylygynda şu geçen döwürde ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary barada aýdyldy.



Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen, şol sanda halkara düzümleriniň çäklerindäki ýokary derejedäki özara hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi. Şunda biziň ýurdumyzyň golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagyna aýratyn üns berildi.



Şonuň ýaly-da, ýygnananlar ministrligiň ikinji ýarym ýylda ýerine ýetirilmeli ileri tutulýan wezipeleri barada pikir alyşdylar.



Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň esasy ugurlary, hususan-da, milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda öňe süren Hazaryň täze ekologiýa maksatnamasyny ilerletmek maslahatyň gün tertibiniň möhüm bölümleriniň biri boldy.



Şunuň bilen baglylykda, howanyň dünýä derejesinde üýtgeýän şertlerinde Hazaryň ekologik ulgamyny gorap saklamagyň ähmiýeti, biziň ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň maksatlaryny ilerletmekde, Aral deňziniň giňişliginde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýyň gowlandyrylmagynda goşýan saldamly goşandy bellenildi.



Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan birnäçe anyk netijeli başlangyçlar öňe sürlip, olar giň halkara goldawyna eýe boldy. Şonuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegi üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.