Gümrük habarlary

«Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ähliumumy maksatnamasynyň çäklerindäki Port gözegçilik toparlary üçin okuw maslahaty geçirildi.
11 Iýul
«Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ähliumumy maksatnamasynyň çäklerindäki Port gözegçilik toparlary üçin okuw maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin maksatnamasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmak ýörelgelerini goldanmak bilen, Gümrük gullugy halkara hyzmatdaşlyk institularyna gatnaşygyny işjeňleşdirýär. Şu maksatlar bilen, diňe Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasy bilen bilelikde soňky wagtda eýýäm birnäçe çäreler geçirildi. 

Şeýle meýilleşdirilen çäreleriň biri häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda, şeýle hem Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Parom geçelgesi» gümrük postunda sanly wideo aragatnaşyk arkaly dowam edýär. Oňa Aşgabat we Türkmenbaşy Port gözegçilik toparynyň agzalary gatnaşýar. Okuw çäresi 6-10-njy iýul aralygynda geçirildi.

Okuw Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ähliumumy maksatnamasynyň çäklerinde geçirilip, onuň maksady konteýnerli daşamalary ugurlara bölmekde, töwekgelçilikleri seljermekde şeýle hem gümrük barlaglaryny geçirmegiň täzeçil usullaryny ulanmakda Port gözegçilik toparlaryň agzalarynyň bilimlerini we başarjaňlyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat.