Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi.
24 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi.

2016-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Ol EYR-nyň XII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak maksady bilen, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady ulgamda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň hem netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, maýa goýum işini höweslendirmäge  ýardam etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň her ýyl Aşgabatda geçirilýän ýöriteleşdirilen sergisiniň hem-de yzygiderli guralýan bilelikdäki işewür maslahatlarynyň ähmiýeti bellenildi. Bu çäreler hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de täze ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik berýär. Şunda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň täsirli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparyna möhüm orun degişlidir.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary  Mohammad Şariatmadari  hoşlaşanlarynda, uzakmöhletleýin esasda guralýan hem-de iki dostlukly goňşy ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.