Habarlar

Türkmen-Katar gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşyldy
11 Awg
Türkmen-Katar gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Iki ýurduň we halklaryň giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan ygrarlylyklary bellenildi. 

Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny belläp geçdiler. Bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, uzak möhlete gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine aýratyn orun degişlidir. Bu topar ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de giňeltmäge, işewürlük gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam edýär.

Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň garşysyna bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bir hatarda, derwaýys sebit hem-de halkara meselelerine hem seredilip geçildi. Bu ugurda diplomatlar adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda netijeli gaýragoýulmasyz utgaşdyrylan hereketleriň guramaçylygy we geçirilmegi babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Alym-lukmanlaryň geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjynyň aýratyn ähmiýetini we derwaýyslygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň DIM-niň ýolbaşçylary çylşyrymly umumydünýä ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagynyň wajyp häsiýete eýe bolýandygyny hem belläp geçdiler.

Şunlukda, daşary syýasy edaralarynyň arasynda yzygiderli ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.