Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
11 Awg
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip TDH habar berýär.

Milli Liderimiz ilki göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljek binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde sanitariýa, ekologiýa we arassaçylyk işlerini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir desgalaryň gurluşyk möhletleriniň tassyklanan tertipden yza galýandygyna nägilelik bildirip, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy, Aşgabat şäheriniň häkimine bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy hem-de ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra welaýatlaryň häkimleri şu günler sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň gidişi we ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek, güýzlük bugdaý ekmäge we pagta ýygnamak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Güýz paslynyň ýakynlaşmagy bilen ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek hem-de mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak boýunça işleri geçirmek barada alada etmeli diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary jemläp, welaýatlaryň häkimlerine agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen ähli oba hojalyk işlerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz pagta ýygymy möwsümini hem-de güýzlük bugdaý ekişini zerur bolan tehniki serişdeler bilen doly üpjün etmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýdyp, oba hojalyk möwsümlerini öz wagtynda geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly saklamak hakynda irgözinden alada etmek boýunça ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen esasy wezipeleri çözmäge geljekde hem aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz görülýän düýpli çäreleriň ýurdumyzyň sebitleriniň kuwwatyny artdyrmaga hem-de olaryň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara eziz Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.