Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministri bilen gepleşikler geçirdi
18 Sen
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministri bilen gepleşikler geçirdi

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi, diýip TDH habar berýär.

Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklara sarpa goýýarys hem-de olary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Gazagystanda Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyza Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Askar Maminiň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda doganlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän oňyn syýasatyna hem-de öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we olary doly goldaýarlar. Şol başlangyçlar bolsa sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministrine mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe, tutuş gazak halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bizi gazak halky bilen köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Täze taryhy eýýamda şol gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.

Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklaryň derejesine we ösüş depginine ýokary baha berildi, özara gatnaşyklaryň köp ugurlary, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy.

Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen, türkmen we gazak halklarynyň gadymdan gelýän doganlyk däplerine hem-de birek-birege hormat goýmaga, biziň döwletlerimiziň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyna daýanýarys. Munuň özi halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy we sebit ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişilmegine ýardam edýär. Bu babatda biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary ýakyndyr ýa-da meňzeşdir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwletara ykdysady taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge hem-de söwda-ykdysady we ulag-logistika, energetika, oba hojalygy ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Biziň ýurdumyz «Açyk gapylar» we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýär, sebitiň hem-de dünýäniň döwletleri üçin ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça netijeli çäreleri görýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, häzir hereket edýän «Demirgazyk — Günorta» transmilli demir ýolunyň wajypdygy hem-de türkmen tarapynyň häzirki zaman Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýoluny gurmak baradaky täze başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu ýol hem ýakyn geljekde goňşy ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawlarynyň we ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Serhetýaka hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, goňşy döwletleriň üstaşyr kuwwatyny artdyrmak, Türkmenistanyň işjeň öňe sürýän energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri barada durlup geçildi. Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmegiň çäklerinde tagallalary birleşdirmek işinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa ulgamynyň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu ulgamda Türkmenistan we Gazagystan, hususan-da, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem Hazar meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin biziň ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, bu babatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň möhüm ornuny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu gün Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda bu toparyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. Bu teklip Askar Mamin tarapyndan doly goldanyldy.

Täze bilelikdäki taslamalary, şol sanda gazhimiýa ulgamynda, türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazarlaryna ibermekde, obasenagat toplumynda taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

Şeýle hem ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi. Taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy däpleriň umumylygy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Bu gatnaşyklar asyrlaryň dowamynda iki ýurduň halklaryny birleşdirýär. Ylym we bilim, medeniýet hem-de sport ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Askar Mamin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu aýda bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydygyny tassykladylar.