Habarlar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Halkara syýasatynda ynanyşmagy dikeltmegiň ähmiýetini nygtady
23 Sen
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Halkara syýasatynda ynanyşmagy dikeltmegiň ähmiýetini nygtady

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlady.  Hut şol gün-de hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy göni ýaýlymda goýberildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu sessiýasynyň kyn döwre gabat gelendigini belläp, Türkmen Baştutany, gynansak-da häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan,  halkara hukugynyň goraglylygyna täsir edýän harby-syýasy bäsdeşlik netijesinde emele gelen ählumumy halkara ýagdaýa talabalaýyk çemeleşmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutany bu ýagdaýy çözmek üçin, “halkara hukugyň ornuny berkitmeklige gönükdirilen tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny, bar bolan  halkara howpsuzlygynyň köptaraplaýyn hukuk düzgünlerini, BMG-niň Tertipnamasyndan gelip çykýan ählumumy kadalary ähli döwletler tarapyndan gyşarnyksyz eýermegiň zerurdygyny, diňe şeýle etmek bilen, dünýä syýasatynda parahatçylygy üpjün etmek hem-de dawalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almagyň mümkindigini” belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu maksatlara ýetmek üçin, halkara syýasatynda ynanyşmaklygy dikeltmegiň, mynasyp dialogyň medeniýetini tassyklamagyň zerurdygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň wajyp orny tassyklandy. Onuň özeninde gumanizmiň, global wehimleri hem-de häzirki zamanyň wehimlerini parahatçylyk ýoly bilen çemeleşmek bardyr. Mälim bolşy ýaly, şu ýylda Türkmenistan Bitaraplyk derejesine eýe bomagynyň 25-ýyllyk toýuny toýlaýar. Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen oňyn Bitaraplyk modeli, üzňe bolmaklygy aňlatman, eýsem syýasy-diplomatik mehanizmeleri ulanmaklyga iterýändir. Bu konsepsiýa «Halkara parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagynda we pugtalandyrylmagynda bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly şu ýylyň ýanwar aýynda BMG-niň Ştab-kwartirasynda tanyşdyrylyşy bolan, Türkmenistanyň kararnamasynyň taslamasynda aýdyň görkezilýär. Häzirki wagtda rezolýusiýanyň taslamasyna seredilýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyly - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hökmünde tassyklaýan Rezolýusiýanyň kabul edilmegini belledi. Bu resminamanyň düzgünnamasyna laýyklykda, Türkmenistan geljek ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmagyň forumyny geçirmeklik başlangyjy bilen çykyş edýär.

Türkmen Lideri bu forumyň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmekde we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ýörelgelerine laýyk gelýän öňüni alyş diplomatiýanyň wajyp orny barada bellenip geçildi. Bitaraplyk syýasatynyň sebit parahatçylygyny, howpsuzlygyny we ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigi barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen tarapynyň  öňümizdäki mejlisiň çäklerinde “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly rezolýusiýanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlejekdigi barada belledi.

Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyga, howpsuzlyga we ösüşe ýetmekligiň Owganystandaky ýagdaýyň düzgünleşdirilmegine baglydygyny aýtdy. “Bu meselede Türkmenistanyň pozisiýasy berk we üýtgewsiz: gepleşikler prosessine alternatiwa ýok” diýip, Prezident belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu prosessi, hususan-da, öz çäginde zerur syýasy we guramaçylyk şertleri döretmek ýoly bilen öňe itermekde ýardam bermäge taýýardygy barada nygtaldy.    

Owganystanyň syýasy durnuklaşmagy bilen bir hatarda, onuň ykdysady we sosial dikeldilmegi hem wajyp. Şu jähtden, Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagyndaky, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly wajyp ulgamlarda iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistan eýýäm bu ugurdaky taslamalaryň birnäçesi, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan geçelgesi boýunça gaz geçirijisiniň, Owganystanyň territoriýasyna çykalgasy bolan demirýol şahamçalaryň, optiki-süýümli geçirijileriň gurluşygy boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň BMG-niň geljegine berk ynanýandygy hem-de tutuş adamzadyň bähbidine bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy berkitmegi we ösdürmegi dowam etjedigi barada hem belläp geçdi.