Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
25 Sen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

2020-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy, diýip TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Halk Maslahatynyň mejlisine we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi baradaky meselelere, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň beýleki ugurlaryna garaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, däp bolşy ýaly, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň baş baýramynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler hem-de degişli resminamalaryň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 812 raýatymyzyň hem-de 3 sany daşary ýurtly raýatyň ýurdumyzyň durmuşyndaky nobatdaky şanly sene mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulyndaky “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda” Kararynyň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmak bilen bagly ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisini we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisini we Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede geçirmäge zerur taýýarlyk işleri görüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlaryna ünsi jemledi, bu resminama laýyklykda, döwletimiz senagatyň esasy pudaklaryny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge uly möçberde maliýe serişdelerini gönükdirýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler, ulag-kommunikasiýa toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilişi, pudagy mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda durmuş-ykdysady strategiýanyň ýerine ýetirilişi, milli Liderimiziň bu ulgamyň öňünde goýan wezipeleriniň amala aşyrylyşy hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, söwda ulgamynda haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak we hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň, söwda işine dünýä tejribesini hem-de kanunçylyk ulgamyny ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Halk Maslahatynyň mejlisini we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmaly desgalaryň gurluşygynda giň gerimli işler dowam edýär. Öňde boljak syýasy we medeni-köpçülikleýin çäreleri, hususan-da, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça işler degişli derejede alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň iň ýokary derejede geçirilmegi üçin öňde boljak dabaralara örän çynlakaý taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Halk Maslahatynyň mejlisini we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, berkarar Watanymyzyň döwletliliginiň esaslaryny pugtalandyrmagyň hem-de kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli berkitmegiň hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan syýasatyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem şanly sene — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi, Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Habar berlişi ýaly, Ýaragly Güýçleriň edaralary tarapyndan Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmak, şahsy düzümiň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarlydygyny, bu derejäniň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm ýagdaýy bolup durýandygyny nygtady. Bu düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň düzgünlerine kybap gelýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, öňde boljak dabaraly harby ýörişiň Ýaragly Güýçlerimiziň kämil tehnikalary bilen üpjün edilendigini, mukaddes Garaşsyzlygyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň abadan, döredijilik durmuşynyň goragynda sak durýan türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny we başarnyklaryny görkezmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biriniň ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemekden ybaratdygyny nygtap, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda ähmiýetli waka bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi baradaky meselelere üns çekip, Ýaragly Güýçleriň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipesiniň kanunylygyň we düzgün-tertibiň saklanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny nygtap, hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylaryna anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarda we Aşgabat şäherinde şanly seneler mynasybetli guralýan çäreler bilen bir hatarda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de bu babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi berkarar, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda ähmiýetli waka bolup, häzirki türkmen jemgyýetinde demokratik işleri has-da ösdürmäge ýardam berer. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, umumymilli forumyň hem-de Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini, ähli degişli düzümleriň utgaşykly işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, 27-nji sentýabrda belleniljek Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň ähmiýetini nygtady. Bu baýramyň hepdäniň ýekşenbe gününe gabat gelýändigi sebäpli, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrdaky dynç gününi 28-nji sentýabra — duşenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan meseleleriň aýratyn möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, mundan beýläkki durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm ugurlaryna, halk hojalyk toplumynyň strategik pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilip kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Milli Liderimiz her bir pudagyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülmeginiň ýolbaşçylardan örän jogapkärli çemeleşmeleri we utgaşykly hereketleri talap edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýakyn geljek üçin işleriň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyryp, bu babatda mejlise gatnaşyjylara degişli maslahatlaryny berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.