Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi
21 Okt
Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda arassaçylyk babatda abadançylygy saklamak, ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

N.Amannepesow bu ugurda alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berip, döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça netijeli epidemiologiýa gözegçilik ulgamynyň işiniň ýola goýlandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde dörän ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Dolandyryş merkezi we Türkmenabat şäherinde Ýerli Dolandyryş merkezi döredildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, Farap, Sarahs we Garabogaz Döwlet serhet gözegçilik-geçiriş ýerlerinde 80 orunlyk karantin gözegçilik nokatlary guruldy. Döwlet serhediniň 9 sany, şol sanda Balkan welaýatynda — Garabogaz, Serhetýaka, Türkmenbaşy we Etrek, Ahal welaýatynda — Kaka, Sarahs, Mary welaýatynda Serhetabat, Lebap welaýatynda — Ymamnazar we Farap gözegçilik geçiriş ýerlerinde ulaglar üçin zyýansyzlandyryş geçelgeleri, zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa we zyýansyzlandyryş-fumigasiýa desgalary guruldy.

Ýokanç keselleri halkara ülňülere laýyk gelýän Polomeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) barlagy arkaly anyklamak üçin ýurdumyz boýunça paýtagtymyzda we welaýatlarda 19 sany barlaghana hereket edýär. Bu barlaghanalar Günorta Koreýa, Şweýsariýa, Germaniýa we Türkiýe döwletlerinden getirilen anyklaýyş serişdeleri bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümleri bilen ulgamlaýyn üpjün etmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde derman serişdeleri satyn alyndy we ýurdumyza getirilip, bu keseliň öňüni almak maksatlary üçin ulanyldy.

Mundan başga-da, möwsümleýin dümew keseline garşy waksinanyň 240 müň dozasy ýurdumyza getirildi hem-de ilatymyzyň töwekgel toparlarynyň arasynda sanjym işleri geçirildi we bu işler dowam edýär. Agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini hem-de lukmanlar üçin niýetlenen egin-eşikleri öndürmek ýola goýuldy.

N.Amannepesow milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada edýän hemaýat-goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen lukmanlarynyň ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwletimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny we özüne wezipeleriň tutuş toplumyny birleşdirýändigini nygtady.

Milli Liderimiz 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän «2021 — 2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasynyň» ähmiýetini belledi.

Döwletiň çägine gelmegi, ýurduň içinde hereket etmegi çäklendirýän öňüni alyş çäreleri, örtügiň dakynylmagy, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmatlar edaralarynyň wagtlaýyn ýapylmagy, awiasiýanyň kömegi bilen uly çäkleriň zyýansyzlandyryş erginleri bilen işlenilmegi, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýörite niýetlenen ýerleriň döredilmegi hem-de beýleki möhüm çäreler oňyn netijesini berdi.

Döwlet Baştutanymyz arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmagy, howpsuz aralygy saklamagy, elleri zyýansyzlandyrmagy, beden gyzgynyna gözegçilik etmegi, üzärlik tütetmegi, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegi dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçysyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlary guramagy hem-de düşündiriş, wagyz ediş çärelerini geçirmegi ýola goýmagy tabşyrdy.

Ilatymyzyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we dispanserizasiýa işlerini dowam etmek, ilatyň arasynda möwsümleýin dümew keseliniň öňüni alyş sanjymlaryny geçirmegi dowam etmek we bu serişdeleriň zerur bolan möçberlerini satyn almak möhüm çäreleriň hatarynda kesgitlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, hususan-da, ýöriteleşdirilen merkezleri döretmek bilen bagly meselä ünsi çekdi. Şeýle saglygy goraýyş edaralarynyň hatarynda täze Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana hem bar. Bu hassahana ýurdumyz boýunça Arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bina ediljek saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalar bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi, şeýle hem Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda alnyp barylýan saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşyk işlerini welaýat häkimlikleri tarapyndan gözegçilikde saklamak boýunça degişli işleri alyp barmak, paýtagtymyzda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň täze binalar toplumynyň taslamasyny düzmek boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek barada ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagy mundan beýläk hem dowam etmegiň hem-de pudagyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Milletiň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler biziň durmuşa geçirýän syýasatymyzyň strategik ugrudyr. Bu syýasatyň many-mazmuny we ähmiýeti «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzda öz beýanyny tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, türkmen lukmanlaryna hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygy ugrunda göreşýän adamlaryň hemmesine öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.