Habarlar

Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny artdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi
23 Okt
Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny artdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, pudagy sanly ulgama geçirmäge, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga degişli meselelere garaldy, diýip TDH habar berýär.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny dolandyrmak ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Pudagyň sanly ulgama geçirilmegi, ekerançylaryň we maldarlaryň zähmetini höweslendirýän netijeli gurallaryň ornaşdyrylmagy bu işe ýardam etmelidir.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew çykyşynda milli Liderimiziň yzygiderli goldaw-ýardam bermegi netijesinde, obasenagat toplumyny düýpli özgertmek, döwlet ekologiýa syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek, ýer serişdelerini netijeli ulanmak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi.

Soňra söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa söz berildi. Hasabatda bellenilişi ýaly, söwda toplumynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz uly islegden peýdalanýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň wajypdygyny nygtap, ministre ýerli önüm öndürijilerden zerur harytlaryň yzygiderli satyn alynmagyna hem-de şolaryň ilat üçin elýeterliliginiň üpjün edilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça hususyýetçileriň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, oba hojalyk pudagynyň düşewüntliligini artdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça badalga berlen giň gerimli işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtap, birleşmäniň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we azyk önümlerine bolan islegleri öwrenmek hem-de doly kanagatlandyrmak, alyjylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän ulgamlary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişine gözegçilik etmek boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmegiň hem-de azyk önümleriniň elýeterliligi bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip belledi.

Milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.