Habarlar

Sagdyn durmuş ýörelgesi – her bir raýatymyzyň saglyk berkligi
26 Okt
Sagdyn durmuş ýörelgesi – her bir raýatymyzyň saglyk berkligi

2020-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy, diýip TDH habar berýär.

Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç etdi. Güýz günlerinde dag howasynyň aýratyn ýakymlylygy we bu ýerleriniň ekologiýa ýagdaýy ynsanyň ruhuny göterýän täsiri emele getirýär.

Milli Liderimiz welosipedli gezelenjini dowam edip, daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tebigat adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär, olary döredijilige we asylly işlere ruhlandyrýar.

Häzirki döwürde gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk işlerine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu ýaryşyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, onuň guramaçylyk komitetiniň düzümi tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan saglygyny berkidýär, onuň işjeňligini ýokarlandyrýar, beden taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda sagaldyş maşklarynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Sportuň bu görnüşi adamyň beden agzalaryny, aýaklarynyň we elleriniň bogunlaryny berkidýär, ýürek-damar we dem alyş ulgamlarynyň işjeňligini artdyrýar.

Milli Liderimiz atçylyk toplumynda Hanbeg atly bedew bilen didarlaşdy. Hormatly Prezidentimiz milli seýisçilik däplerine laýyklykda bedewe ideg etdi hem-de onuň bilen birsellem gezelenç etdi.

Türkmen halky ahalteke bedewlerine aýratyn mähir bilen garap, olary ösdürip, kemala getirmek bilen, atlary seýislemegiň özboluşly ulgamyny işläp taýýarlady diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu bolsa bedewleriň ynsana bolan oňyn gatnaşygyny emele getiripdir. Şunlukda, türkmen atşynaslary at seýislemekde özboluşly ugur döredipdirler.