Gümrük habarlary

Türkmenistanda «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahaty
31 Okt
Türkmenistanda «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahaty

Ozal habar berlişi ýaly, golaýda Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şol Ähtnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde 2020-nji ýylyň      29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we Ösüş Maslahaty (UNCTAD) BMG-niň «Bir penjire» ulgamy boýunça täzeden seredilen 33-nji Teklipine laýyklykda wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük işini sanlaşdyrmak boýunça strategiýasynyň ileri tutulýan ugrunyň biri «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamynyň binýadynda ýurdumyzda Daşary söwda üçin «Bir penjire» ulgamynyň emele getirilmegidir. Şonuň ýaly-da, bu taslama 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ikinji 2020-2023-nji ýyllar aralygyndaky tapgyrynda amala aşyrylýar. 

Döwrebap programma üpjünçiligi, elektron gümrük deklarasiýalarynyň döredilmegini, hasaba alynmagy we resminama amallaryny ýönekeýleşdirmegi göz öňünde tutýar. "Bir penjire" bir görnüşde maglumat bermäge, şeýle hem zerur resminamalary gysga wagtda taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Netijeli pudagara özara hereket we  maglumat alyş-çalşygy üçin häzirki zaman infrastrukturanyň emele gelmegi geljege täze ýoly açýar. Sanly ykdysadyýetiň halkara tejribesiniň ulanylmagy gümrük amallaryny ýeňilleşdirer, bu bolsa daşary ykdysady işjeňligiň güýçlenmegine we ýurtda öndürilen önümleriň eksportunyň ösmegine gönüden-göni täsir eder.