Gümrük habarlary

Harby türgenlerimiz ussatlygyny basketbol meýdançasynda görkezdiler
3 Noý
Harby türgenlerimiz ussatlygyny basketbol meýdançasynda görkezdiler

Häzirki wagtda Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň türgenleriniň arasynda sport ýaryşlary dowam edýär. 

Şu gün hem sportuň basketbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Döwlet serhet gullugynyň toparlary güýç synanyşdylar. Diýseň dartgynly ýagdaýda geçen ýaryşda serhetçi basketbolçular garşydaşyndan üstün çykmagy başardy. Muňa garamazdan, iki toparyň türgenleri hem örän ajaýyp oýunlary görkezdiler. Toparlaryň türgenleriniň ählisine berekella diýesiň gelýär. Şeýle ýaş türgenlerimiziň bardygy türkmen sportunyň geljeginiň uludygyna doly güwä geçýär.

Basketbol boýunça harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda guralýan ýaryşlaryň jemleýji tapgyry şu ýylyň 27-nji noýabrynda geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň arasynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler.