Gümrük habarlary

Ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän ýük tirkegleri üçin ýygymlaryň möçberi bellenildi
5 Noý
Ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän ýük tirkegleri üçin ýygymlaryň möçberi bellenildi

Ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt ýük tirkegleriniň eýeleri üçin ýygymlaryň möçberi bellenildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga (Aşgabat Ylalaşygyna) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyga) agza döwletlerden ýa-da bu döwletleriň üsti bilen daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, daşary ýurt döwletleriniň tirkeg çekiji awtomobili ulanylmadyk ýagdaýynda, olaryň eýelerinden alynýan degişli ýygymlar hem-de tölegler 2020-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2021-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, şol ýygymlar we tölegler ygtyýarly banklar tarapyndan alnar hem-de Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasyna geçiriler.