Gümrük habarlary

«Şatumar» ýokary hiliň we elýeter bahanyň sazlaşygy
12 Noý
«Şatumar» ýokary hiliň we elýeter bahanyň sazlaşygy

Türkmenistanda hususy ulgamyň çalt depginler bilen ösýän häzirki döwründe telekeçileriň daşary ýurtly önüm öndürijileriň iň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde öndürýän önümleriniň hil derejesi ýokarlanyp, olaryň görnüşleri barha artýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şatumar» hususy kärhanasynyň işewür telekeçileri halkymyzyň durmuşda gündelik ulanýan ýuwujy we arassalaýjy serişdelerini öndürip, ilatyň bu önümlere bolan islegini kanagatlandyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.

«Şatumar» hususy kärhanasy öz işine 2009-njy ýylda gap ýuwujy serişdeleriň önümçiliginden başlady. Häzirki döwürde öz öndürýän önümleriniň sanawyny giňeldip, dürli ýuwujy serişdeleriň, aýna üçin arassalaýjy serişdeleriň, şampunyň, suwuk sabynyň, çaýkamak üçin dürli serişdeleriň, suwuk kir sodalarynyň önümçiligi bilen meşgullanýar. Bu ýaş kompaniýa ýurdumyzda “Şa”, “Emir”, “Tumar”, “Dana”, “Ýunus”, “Ok bady” önümleri bilen meşhurlyk gazandy.

Häzirki wagtda kärhanada ýokary hilli ýuwujy önümleriň 100-den gowrak görnüşi bolup, göze gelüwli, owadan gaplara gaplanylyp, ýokary harytlyk derejesi üpjün edilýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly önümlere ilatyň islegi barha artýar. Şonuň üçin kärhananyň ýokary hilli ýuwujy serişdeleri ýurdumyzyň ähli künjeklerine yzygiderli ugradylýar. Bu ýerde arassaçylygy üpjün etmek we ynsan saglygyny gorap saklamak maksady bilen, antiseptiki serişdäni köpçülikleýin öndürmek hem ýola goýuldy.

2020-nji ýylyň başyndan “Şa” haryt nyşanly 5kg gaplara gaplanan ýuwujy serişdeleriniň 9400 sanysy Owganystana we 21835 sanysy Gazagystan döwletine eksport edildi. Şeýle hem kärhananyň Özbegistan, Owganystan, Gyrgyzystan, Gazagystan we başgada birnäçe döwletler bilen söwda gatnaşyklaryny ýagny, ekspordy barha giňeldýär.