Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
1 Dek
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meseleler girizildi, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäher düzümlerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, sowuk howanyň aralaşmagy bilen ýyladyş ulgamynyň degişli ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Diýarymyzyň baş şäherinde bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginleri hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenilen möhletinde tamamlanmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabatlary diňlenildi. Häkimler sebitde alnyp barylýan işeriň ýagdaýy,  ilaty ýylylyk, gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen welaýatlaryň durmuş düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meselelerini çözmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ilatyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly ähli binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň ygtybarly işini üpjün etmek, ilata suwuň, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň bökdençsiz berilmegini ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklar berildi. Şeýle hem Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda häkimlere anyk tabşyryklar berildi.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer pudakdaky işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri ýaz ekişine hemmetaraplaýyn esasda taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine iberdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylandygy, aýratyn-da, şanly sene mynasybetli 1-12-nji dekabr aralygynda guraljak pudaklaýyn sergileri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilendigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we köpugurly ösdürmek, tejribe alyşmak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary onaşdyrmak üçin ugurdaş sergileri geçirmegiň uly ähmiýetini belledi. Şunuň bilen birlikde, guralýan baýramçylyk sergilerinde soňky ýyllarda gazanylan üstünlikler bilen bir hatarda, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatlaýyn çäreleriň netijelerini görkezmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere we häkimliklere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilen wajyp wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.