Habarlar

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi
1 Dek
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri esasy ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar boldy.

Çykyş edenler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ikitaraplaýyn maksat edinilýändigini tassyklap, iki dostlukly goňşy ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň derejesinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda syýasy we medeni ulgamlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Hut şu ugurlara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde örän uly üns berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, şeýle hem halkara abraýly guramalaryň we düzümleriň derejesinde ýola goýlan oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny nygtadylar.