Gümrük habarlary

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde keramiki bezeg kerpijini öndürýän zawody işe girizildi
17 Dek
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde keramiki bezeg kerpijini öndürýän zawody işe girizildi

«Döwlet adam üçindir!» taglymatyny esasy ýörelge edinen Hormatly Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde diýarymyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar. Şolaryň hatarynda hem ýurdumyzyň eksport kuwwatyny has-da ösdürmekde Lebap welaýatynyň telekeçileri hem işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň täze, industrial-innowasiýa häsiýetli tapgyry lebaply telekeçileriň onlarçasy tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Telekeçileriň innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçiliklerini giňeltmekleri daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öwezini dolýan önümleriň bolçulygynyň döremegine getirdi, şeýle hem ýurdumyzdan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önümleriň sanawy has artýar. Muňa mysal edip, Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 15-nji maýynda çykaran 14246-njy kararyna laýyklykda «Döwletli-Döwran» Hojalyk jemgyýetine degişli bolan Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde gurulan keramiki bezeg kerpijini öndürýän zawodyny aýtmak bolar. 

Zawodyň kuwwatlylygy ýylda 175,0 – 192,5 müň tonna ýa-da 73-80 mln sany şertli keramiki bezeg kerpijini öndürmäge ukyply. Önümleriň görnüşleri keramiki we klinker önümleri bolan – bezeg kerpiçleri, ýere düşelýän keramiki daşlar, içi boş öýjükli bloklardyr. Zawodyň geljekdäki strategiýasy esasy önümi bezeg klinker kerpiji bolmak bilen ýerli önümçilikde täzelik hökmünde dürli görnüşdäki termobloklaryň (ýyly bloklaryň) we daban bezeg daşynyň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Zawodyň inžener tehniki taslamasy boýunça, zawodyň köp ugurly bolmagy öňünden göz öňüne tutulyp, önümçilik binasynyň çäginde goşmaça enjamlar üçin ýörite ýerler goýulyp, öňden goýulan enjamlar bilen sazlaşykly işlemäge mümkinçilik döredilen. Bu bolsa öndüriljek önümleriniň köp dürliliginiň üstüni ýetirip keramiki çerepisany, bezeg plitkalaryny, keramiki basgançaklary, terrakot plitkalaryny, penjiräniň öňünde goýulýan plitalary, jaýlaryň daş ýüzüne niýetlenilen arasy howalandyrylýan asma plitkalaryny, binanyň daşky gaplaýjy bezeg örtgülerini öndürmäge mümkinçilik berer. Bu zawodyň önümleri diňe içki bazara ýerlemek bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurt bazarlaryna hem satylmaga niýetlenendir. Zawody enjamlaşdyrylan önümçilik enjamlary öndüriji ýurtlar esasan Ispaniýa, Ýaponiýa, Italiýa döwletlerinde öndürilendir. 

Taýýar önümleri ilkibaşda Rusiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbekistan döwletlerine eksport edilmegi meýilleşdirilýär. 

«Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy baýramçylygyň öň ýanynda zawodyň açylyp ulanmaga berilmegi Lebaply telekeçileriň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşdy. Türkmen telekeçileri işlemäge, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga şeýle ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.