Habarlar

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparyň mejlisi
25 Dek
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparyň mejlisi

Düýn Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara iş toparynyň maslahaty onlaýn görnüşinde geçirildi, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgamy ykdysadyýetiň toplumlaýyn wezipelerini çözmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan 2019-2025-nji ýyllarda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

 “Türkmenaragatnaşyk” agentligi sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi. Şu ýylyň başynda bu toparyň birinji mejlisi geçirildi, onuň dowamynda ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli işler bellenildi.

Mejlisiň işine onlarça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, häkimlikleriň, banklaryň, beýleki edara kärhanalaryň wekilleri, IT-meýdançalaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparynyň Düzgünnamasyna hem-de bilimine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri girizildi.

Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentligi mejlise gatnaşyjylara Identifikasiýalaşdyrmagyň we audentifikasiýalaşdyrmagyň bitewi ulgamynyň (IABU) milli taslamasyny hödürledi, bu ulgam elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, maglumat giňişligine gatnaşyjylaryň (isleg bildirýän raýatlaryň hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň) döwlet elektron serişdelerine ygtyýarlandyrylan elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berer.

Mundan başga-da, iş toparynyň mejlisinde Pudagara elektron hyzmaty ulgamynyň (PEHU) – ýurdumyzyň merkezi, sebit we ýerli häkimiýet edaralaryna, karz edaralaryna we beýleki gatnaşyjylara raýatlara hem-de guramalara elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän maglumat ulgamynyň taslamasy hödürlendi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, elektron görnüşli hyzmatlary giňden saýlap almak mümkinçiligi raýatlarymyzy goşmaça hem-de üznüksiz bilim almaga, aralykdan okatmagyň usullary arkaly hünär derejelerini ýokarlandyrmaga höweslendirer. Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy adam mümkinçiliklerini doly açmaga we ykdysadyýete hem-de beýleki ulgamlara jemgyýetiň we ýurdumyzyň ösüşiniň bähbidine innowasiýa serişdelerini çekmäge mümkinçilik berer.