Gümrük habarlary

Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri dünýä bazarynda mynasyp orun eýeleýär
30 Dek
Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri dünýä bazarynda mynasyp orun eýeleýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylynda döwletimiziň ähli işleri rowaçlyk bilen alynyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine ýakyndan ýardam berip, telekeçiligi yzygiderli höweslendirip we goldap durýar.

Häzirki döwürde “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi” goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalykda, senagatda, azyk önümlerini öndürmekde şeýle hem söwdada we  hyzmatda uly işleri  üstünlikli amala aşyrýarlar.

Mary şäherinde ýerleşýän “Miweli ülke” hususy kärhanasy 2016-njy ýylda esaslandyrylyp, şol günden bäri ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek we halkyň sarp etýän harytlaryny öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek, söwda işini amala aşyrmak hem-de önümçiligi has-da giňeltmek maksady bilen uly işleri üstünlikli alyp barýar.

“Miweli ülke” hususy kärhanasy halkymyzyň, has hem çagalaryň isleg bildirýän birnäçe görnüşli önümlerini “Hoşwagt” haryt nyşany bilen elýeterli bahalardan içerki bazarlarymyzy  doly  üpjün edýär. Mähriban Arkadagymyzyň telekeçilere berýän goldawlary netijesinde önüm öndürijiler diňe bir içerki bazarlarymyzy üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem daşary döwletlere hem eksport edýärler.

“Miweli ülke” hususy kärhanasy: 

- kofe we kakao önümleriniň dürli görnüşlerini, 

- ýeňil mekgejöwen taýajyklarynyň birnäçe görnüşlerini, 

- mökgejöwenden we bugdaýdan çipsileriň dürli tagamly görnüşlerini, 

- dänäni gaýtadan işlemekden alynan birnäçe görnüşli önümlerini, 

- guradylan çörek bölejikleriň dürli tagamly görnüşlerini,

- glazurlanan ýeňil bürünçden we  glazurlanan  ýeňil bugdaýdan bally patraklary ýaly önümleri öndürýär.

Bu önümleri  öndürmekde ýokary derejeli enjamlary bilen üpjin edilen “Miweli ülke” hususy kärhanasynda ýaş hünärmeleriň birnäçesi zähmet çekýär. Geljekde hem bu kärhana halkyň isleg bildirýän önümleriniň ýene-de birnäçe görnüşlerini ýokary hilli we amatly bahadan  halkymyza ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa ýaşlarymyza birnäçe iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda “Miweli Ülke” hususy kärhanasy Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan, Gazagystan  ýaly birnäçe ýurtlar bilen söwda işlerini amala aşyrýar. Mundan başgada geljekde ýene birnäçe döwletler bilen söwda gatnaşyklaryny gurmagy maksat edinýär.